CAREWIB в Центральной Азии

Национальные информационные системы

  • Увеличить размер шрифта
  • Размер шрифта по умолчанию
  • Уменьшить размер шрифта

Hazar Deňziniň Türkmen Kenarynda Amerikan Sowutly Çortanyň Tutulmagynyň Ilkinji Wakasy

E-mail Печать PDF

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyna 2008-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet balyk goragynyň işgärleri W.A.Anisimowdan we R.Baýryýewden Hazar deňzine düýbünden geň bolan balygyň tutulandygy barada maglumat gelip gowuşdy. Balyk balykçylar tarapyndan Kemir etrabynda (Esengulydn demirgazykda) 2008-nji ýylyň noýabrynda tutuldy. Emma, gynansakda olar tutulan görnüşi tutuşlygyna saklap bilmediler, ýöne balygyň guradylan kellesi hem teňňeli gabygynyň bölegi galypdyr. Görnüşiň uzynlygy – takmynan 50-60 sm. Instituta kesgitlemek üçin saklanyp galan bedeniniň bölejikleriniň sifr suratlary iberildi. Onuň esasynda balygyň diňe topar derejesine çenli sistematik identifikasiýasy ýerine ýetirildi. Identifikasiýa üçin amerikan awtorlarynyň (Wiley, 2002; Boschung, Mayden, 2004) işleriniň içindäki açar ulanyldy. Topara çenli kesgitlemekligiň dogrulygy şol suratlar boýunça amerikan ihtiologlary R.Meýden (Dr. R.Mayden, Sent-Louis University) we E.Hilton (Dr. Eric Hilton, Virginia Institute of Marine Science) tarapyndan tassyklandy.

Balykçylar tarapyndan tebigy arealy Demirgazyk we Merkezi Amerikada ýerleşýän sowutly çortanyň bir görnüşiniň tutulandygy belli boldy. Ž.Nelsonyň (J.Nelson, 2006) klassifikasiýasyna görä bu tapyndynyň sistematik ýagdaýy şu aşakdaky ýalydyr:

Actinopterigii klasy – şöhle ýelek (luçeperýe)
Neopterygii podklasy – täze ýelek (nowoperýe)
Lepisosteiformes – sowut görnüşli
Lepisosteidae maşgalasy – sowutly çortanlar
Atractosteus topary – gysga ganatly (ýa-da giň kelleliler) sowutlylar

Sowutly çortanlar – Demirgazyk Amerika yklymynyň süýji suwlarynda ýaýran özboluşly seýrek balyklaryň uly bolmadyk relikt toparydyr. Olary ýaşaýan watanynda gara (gars) diýip atlandyrýarlar. Häzirki wagt ýaşaýan sowutly çortanlaryň 7 görnüşi bolup, olar 2 topara bölünýärler: gysga ganatly (ýa-da giň kelleliler) sowutlylar – Atractosteus, we uzyn burunly (ýa-da gelşikli) sowutlylar – Lepisosteus. Bu görnüşler özaralarynda gowy tapawutlanýarlar, Atractosteus toparynyň balyklarynyň iki sany dik setir uly gyýak görnüşli dişleri bolýar. Setirleriň içkisi beýleki balyklaryňkydan tapawutlylykda ýokarky äňiň gözöňündäki süňkinde ýerleşýär, beýlekisi – ýagny içgisi kentlewük süňkde ýerleşýär.
Lepisosteus toparynyň wekillerinde şeýle dişleriň diňe bir setiri bolup, ol hem gözöňündäki süňkde ýerleşýär. Hazar deňzinde tutulan suratda görkezilen bu sowutlyda ýokarky äňde we kentlewükde ýerleşen konus şekilli iki setir dişleri gowy saýgarmak mümkin. Hut şu hem ony Atractosteus toparyna degişli etmeklige mümkinçilik berdi.

Gysga ganatly sowutlylara 3 görnüş degişlidir:

1. Atractosteus spatula – missisipi sowutlysy, äpet sowutly çortan, balyk – alligator (Alligator gar). ABŞ we Meksikada ýaýrandyr.
2. Atractosteus tristoechus – kuba sowutlysy (Cuban gar). Kuba we Ýuwentud adalarynda ýaýrandyr.
3. Atractosteus tropicus – meksika sowutlysy (Tropical gar). Meksikada, Belizde, Kosta-Rikada, Gwatemalada, Gondurasda we Nikaraguada ýaýrandyr.

Hazar deňzinde tutulan görnüşine mahsus bolan gylyk-häsiýeti kesgitlemek üçin onuň gapdal gyzygynyň teňňelerini hem birinji jaber dugasyndaky jabra tyçinkalaryny sanamaklyk zerurdyr, emma bu maglumatlary almak başartmady. Şonuň üçin hem, onuň ýaýran hem köpsanly toparyň wekilidigini diňe çak etmek mümkindir. Beýleki iki sowutlylar – kuba we meksika sowutlylar örän seýrek hem az ýaýran görnüşlere degişlidir. Missisipi sowutlysy Missisipi derýasynyň basseýininde ýaşaýar, ýöne ol şeýle-de Floridadan Demirgazyk Meksika çenli Meksika aýlagynyň duzlurak suwuna hem çykýar.

Daşky görnüşi boýunça sowutlylar adaty çortany ýadyňa salýar, şonuň üçin hem olary sowutlylar diýip atlandyrýarlar. Bular iri balyklar bolup, uzynlygy 3m we massasy 130kg deňdir. Olaryň bedenleri uzalan. Uly balyklarda olar ýokarky gatlagy ganoiniň emal görnüşli maddany saklaýan romb görnüşli iri şitler görnüşli süňk teňňeleri bilen örtülendir. Sowutlylaryň tumşugy güýçli uzalandyr, esasan hem iri balyklarda we olar krakodiliň tumşugyny ýatladýar. Uzalan äňlerde we kentlewik süňklerde köpsanly konus şekilli berk we ýiti dişler ýerleşýär, burun deşikleri bolsa uzalan tumşugyň ahyrynda ýerleşýär. Şol sebäpli hem sowutlylary kaýman balyklar ýa-da alligator-balyklary diýip atlandyrýarlar (Alligator gar).

Sowutlylaryň kelle proporsiýasynyň we tumşugynyň daşky görnüşi ulaldygyça güýçli üýtgeýär, hut şol sebäpli hem dürli ýaşdaky we ölçegdäki balyklar aýratyn görnüş ýaly görünýärler.

Sowutly çortan – süýji suwda ýaşaýan balyklardyr, ýöne olar duzlurak suwlara hem girýärler, käwagt bolsa deňiziň duzly suwlarynda hem duşýarlar. Olar bukudaky-ýyrtyjynyň az hereket edýän durmuş ýörelgesini alyp barýarlar. Esasan hem balyklar bilen iýmitlenýärler, ýöne şeýle-de olaryň rasionyna leňňeçler, suw pyşdyllary, guşlar hem girýärler. Işbili diňe ýaz paslynda we diňe süýji suwlarda taşlaýarlar, işbili gury ýerde goýýarlar.

Olar Demirgazyk Amerikanyň eýmenç daşky görnüşli iň iri ýyrtyjy balygy hasaplanýar, hiç wagt adama ýörüte topulmaýar, emma promysel ýerlerde olar torlary ýyrtmak hem oňa düşen balyklary almak bilen zyýan ýetirýärler. Iri hem ownuk ölçegdäki sowutly çortanlar ABŞ-nyň sport hem höwesjeň balykçylygynda esasy obýekt bolup durýar.
Sowutly balyklylaryň bir wekiliniň Hazar deňzine nähili düşenligini aýtmak kyn, emma uly bolmadyk razmeri bolan missisipi sowutlysynyň ýaş osoblarynyň bütin dünýä boýunça akwariumlarda saklanýanlygy bellidir. Meselem, olar Moskwanyň zoodükanlarynda (haýwanat dükanlarynda) hem bardyr. Sowutlylar oňat ideg edilende olar çalt ösýärler we käwagt olary akwariumyň eýeleri olary açyk suw howdanyna goýbermeli bolýarlar. Olaryň tebigy arealynyň çäklerinden has daşda duşýanlygy ozal hem hasaba alyndy. Meselem, şeýle ýagdaý Berezina derýasynda (Belorussiýa) bellenildi. Türkmenistanyň kenarlarynda tutulan sowutlynyň hut şeýle ýol bilen Hazar deňzine ýa-da Hazarýaka derýalaryna düşen bolmagy, ol ýerden bolsa deňze aralaşan bolmagy mümkindir. Häzir biz diňe Hazar deňzinde sowutly balyklaryň Atractosteus toparynyň Atractosteus spatula – missisipi sowutlysy ýa-da gigant sowutly çortan görnüşine degişlidigi çaklanýan sowutly balygyň duşmagy ilkinji we ýeke-täk ýagdaýdyr. Ýöne, Hazarýaka derýa-kölleriniň basseýninde olar özleri üçin iýmit, ösüş we köpelmek üçin amatly şertleri tapyp bilerler.


W.B.Salnikow


Edebiýat
Boschung H. T., Mayden R.L. Fishes of Alabama. HarperCollins Publishers. 2004. 960 p.
Nelson J.S. 2006. Fishes of the world. 4th ed. John Wiley & Sons, Inc. Hoboken, New Jersey. 601 p.
Wiley E.O.. Lepisosteidae. Gars. p. 672-678 in: K.E. Carpenter (ed.) FAO species identification guide for fishery purposes. The living marine resources of the Western Central Atlantic. 2002. Vol. 2: Bony fishes part 1 (Acipenseridae to Grammatidae).
 

www.natureprotection.gov.tm

 

Рекомендуем!

Размещено в архиве: 779 файлов