CAREWIB в Центральной Азии

Национальные информационные системы

  • Увеличить размер шрифта
  • Размер шрифта по умолчанию
  • Уменьшить размер шрифта

Gözel tebigatyň goragynda

E-mail Печать PDF

1992-nji ýýlda Rio-de-Žaneýro şäherin-de Daşky gurşaw we ösüş boýunça halkara Konferensiýasy ösüp barýan ýurtlaryň Çölleşmäge garşy göreş baradaky halkara Konwensiýasyny taýýarlamagyň zerurlygy hakyndaky teklibi kabul etdi. Eýýäm şol ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýany işläp düzmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin merkezi Ženewa şäherinde ýerleşýän Hökümetara komitetini döretdi.
Halkara, sebit we milli guramalaryň, edaralaryň, alymlaryň we hünärmenleriň tagallalary bilen, 1994-nji ýylyň 17-nji iyunynda Konwensiýa kabul edildi we oňa gol çekmek dabarasy boldy. 17-nji iýun Çölleşmäge garşy göreşmegiň bütindünýä güni diýlip yglan edildi.
Konwensiýanyň esasy maksady - döreýän çölleşmek hadysasynyň öňüni almak hem ony togtatmak we amala aşyrylyp bilinjek ýerlerde, bütindünýä ekologik mümkinçilikleriň çäklerinde, zaýalanan ýerleriň biologik önümliligini dikeltmekden ybaratdyr.
BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasy zaýalanan ýerleri dikeltmek, ýer we suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, öri meýdanlary gowulandyrmak, tokaýlary gorap saklamak we dikeltmek, süýşýän çägeleri berkitmek we tokaýlaşdyrmak, tebigaty goramaga degişli kanunlary kadalaşdyrmak, ekologik bilimi ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy ýaly meseleleri öz içine alýar.
Ýurdumyzyň umumy meýdanynyň 80 göterimden gowragyny dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum tutýar. Şeýle bolansoň, Türkmenistan ekologik meselelere aýratyn ähmiýet berip, häzirki hem geljekki nesilleriň bähbidi üçin ekologik howpsuzlygy gazanmaga gatnaşmakda özüniň meýillerini aňladyp, ilkinjileriň biri bolup Konwensiýany ykrar etdi. Şol ýylyň özünde hem çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleriň özenini we esasý ugurlaryny işläp düzmek baradaky Hökümet komissiýasy döredildi.
BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasyna gol çeken taraplar, şol sanda Türkmenistan hem çölleşmäge garşy göreş Konwensiýasyna laýyklykda, milli hem sebit derejesinde bu resminamanyň esasy düzgünlerini berjaý etmek boýunça anyk borçnamalar alýarlar. 1999-njy ýylda BMG-niň Daşky gurşaw baradaky konwensiýalaryndan we maksatnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryň ýerine ýetirilişini üpjün edýän Türkmenistanyn Döwlet işjeň topary döredildi. Onuň ýanynda dürli maksatnamalar we konwensiýalar, şol sanda çölleşmäge garşy göreş Konwensiýasy boýunça bilermenler toparlary işleýärler.
Türkmenistanda çölleşmäge garşy göreşmek meselesine döwlet derejesinde uly üns berilýändigine 1998-nji ýyldan bäri ähli şäherleriň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereginde, ýollaryň we suw akabalarynyň gyralarynda tokaý agaçlaryny ekip, «gök guşak» döretmek boýunça Milli taslamanyň ýerine ýetirilmegi hem şaýatlyk edýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ilatly ýerler, esasan, oba ýerleri mugt tebigy gaz bilen üpjün edilip başlandy. Ol bolsa öz gezeginde dag we çöl öri rneýdanlarynda agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň odun üçin çapylmagyny azaltdy we tokaýlaryň gaýtadan dikelmegine uly ýardam etdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çöllük ýerlerinde sazaklar we ojarlar köpelip, tebigy gözellikleri goramaga özüniň oňat täsirini ýetirdi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak
ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat
dünýäsi milli institutynyň bölüm müdiri
M.Durikow

www.natureprotection.gov.tm