CAREWIB в Центральной Азии

Национальные информационные системы

  • Увеличить размер шрифта
  • Размер шрифта по умолчанию
  • Уменьшить размер шрифта

Türkmenistanyň haýwanlarynyň taksonomik dürlüligi hakynda

E-mail Печать PDF

Häzirki wagtda Türkmenistanyň haýwanlary 12693 görnüşden, şol sanda 45 otrýada, 121 maşgala we 363 uruga degişli 704 oňurgalylardan ybaratdyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 2-nji neşirine haýwanlaryň 152 sanysy girýär, şol sanda 107-i oňurgalylardyr. Az sanly görnüşler 73 sany bolup, çäkli meýdany eýeleýärler.
Türkmenistanda 120-den gowrak aw-promysel haýwanlary duşýar. Olaryň 35-40 görnüşi aw söýüjileriň awlagy bolup durýar (towşan, ýabany doňuz, möjek, şagal, sähra pişigi, kepderiler, bagyrtlaklar, käkilikler, sakarbaraklar, ördekler we başg.). Içerki suw ýataklarynda ak we ala tüňňümaňlaý, ak amur, ak amur tarany, teňňebalyk, lakga balyk we başgalary, Hazar deňzinde bolsa – külke balyklar we ak çapak balyk tutulýär.
Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň genofondy durnukly goralýar, ýöne klimatyň üýtgemegi – ýagýan ygalyň azalmagy, dowamly gurakçylyk we tebigatyň beýleki hadysalary, şol sanda adamyň hojalyk işleriniň täsiri oňurgaly haýwanlaryň görnüş düzümine güýçli täsir edýär. Bu ýagdaý aýratyn-da çäkli arealy bolan haýwanlarda anyk duýulýar, çünki, olaryň ýaýrawy suw ýataklary, çöldäki we dagdaky tokaýlar bilen baglanyşykly. Soňky 50 ýylyň içinde ýurduň genofondundan oňurgalylaryň üç görnüşi ýitip gitdi: teňňe nagyşly daşdeşen (Picus squamatus), turan gaplaňy (Panthera tigris virgata) we gum gaplaňy (Acinonyx jubatus). Köp ýyllaryň dowamyndaky gözegçilikler tebigaty goramak çäreleri arkaly oňurgaly haýwanlaryň käbir görnüşleriniň sanynyň dikelýändigi duýulýar, mysal üçin, kepjebaş ýylany. Emma, ýerli görnüşleriň ýaşaýyş meýdançalarynyň üýtgemegi, olaryň başga ýerden getirilip ornaşdyrylan görnüşler bilen bäsleşikde asgyn gelmegi ýurtda zaýalanan ekoulgamlary dikeltmäge gönükdirilen çäreleriň geçirilmegini talap edýär.
Toplanan maglumatlaryň seljermesi, şu gün Türkmenistanyň biologik dürlüligine has howply täsir edijileriň sanawyna görnüşleriň sanynyň azalmagy we ýaşaýan ýerleriniň çäginiň daralmagy, biologik baýlyklaryň gereginden has artyk peýdalanylmagy (şol sanda öri meýdanlaryň zaýalanmagy, rugsatsyz aw awlamak we başg.), keseki görnüşleriň örnaşdyrylmagy we hapalanma şeýle hem çölleşmek hadysalary, ýerleriň zaýalanmagy, tebigy faktorlar, aýratyn-da deňiz suwunyň derejesiniň, klimatyň üýtgemegi we tebigy weýrançylyk hadysalary öz täsirini ýetirýär.
Ekoulgamlaryň kadaly işjeňligi üçin janly-jandarlaryň ähli toplumlarynyň bolmagy wajypdyr. Şonuň üçin, esasy wezipe, diňe bir seýrek duşýan we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri goramak däl-de, eýsem biologik dürlüligi tutuşlygyna aýap saklamakdyr.

K.Ataýew
TTGM-niň ÇÖHDMI-niň
Oňurgaly haýwanlar laboratoriýasynyň müdiri

http://www.natureprotection.gov.tm/